Dekabr I hepde: eksport geleşikleri $6,8 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dekabr I hepde: eksport geleşikleri $6,8 milliondan geçdi
Daşary ýurtly işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 6 million 853 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz, şeýle hem el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň manatlykdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

2022