Raisi Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz ylalaşygynyň ähmiýetini belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raisi Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz ylalaşygynyň ähmiýetini belledi
Eýranyň Prezidenti goňşy ýurtlar bilen baglaşylan şertnamalar ykdysady ösüşe goşant goşup biler diýdi. (Surat: “Press TV”)

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi ýekşenbe güni ýurduň döwlet teleýaýlymyna beren beýanatynda Aşgabatda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen gaz alyş-çalşy boýunça şertnamasynyň ähmiýetini belledi.

“Bu şertnama Eýrany sebitiň gaz üstaşyr merkezine öwürer we üç ýurduň ykdysady ösüşine ýardam berer” diýip, IRNA agentligi Raisiniň beýanatda aýdanlaryna salgylanýar.

Ebrahim Raisiniň aýtmagyna görä, Eýran goňşy ýurtlar bilen üstaşyr we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe ylalaşyklara gelip, bu ugurlardaky şertnamalara gol çekdi.

Eýranyň Prezidenti bu resminamalaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, goňşy ýurtlar bilen baglaşylan şertnamalar ykdysady ösüşe goşant goşup biler diýdi.

Üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşy boýunça şertnama 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi. Resminama laýyklykda, ýylda 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar.

2022