Türkmen zawody oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen zawody oba hojalyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýär
Kärhananyň ätiýaçlyk şaýlary oba hojalygynda ulanylýan traktorlar, kombaýnlar, tirkeg gurallary hem-de ekijiler üçin niýetlenendir.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki synag bejeriş zawody oba hojalygy üçin 200-den gowrak ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Zawod şu ýylyň başyndan bäri 3,1 million manatdan gowrak önüm öndürdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ätiýaçlyk şaýlary oba hojalygynda ulanylýan traktorlar, kombaýnlar, tirkeg gurallary hem-de ekijiler üçin niýetlenendir. Bu ýerde plastikden, alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy hem-de önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, kärhanada öndürilýän ätiýaçlyk şaýlary “Gallaönümleri” kärhanasyna, pagta arassalaýjy kärhanalaryna, şeýle hem “Azyk” önümçilik birleşigine iberilýär.

Zawod Ahal, Balkan, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň Oba hojalyk önümçilik birleşikleriniň buýurmalary esasynda hem ätiýaçlyk şaýlary ýasaýar.