Astrahanyň gubernatory Aşgabat-Astrahan göni uçuşlarynyň ýola goýulmagyny teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanyň gubernatory Aşgabat-Astrahan göni uçuşlarynyň ýola goýulmagyny teklip edýär
Gepleşikleriň dowamynda resmiler Astrahanyň “Olýa” deňiz portunda Türkmenistanyň logistika merkezini açmak barada ylalaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistanyň hökümetine COVID-19 bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýatyrylansoň, “Türkmenhowaýollary” tarapyndan Astrahan-Aşgabat ugry boýunça göni uçuş gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Bu baradaky teklip gubernatoryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen Aşgabatda penşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda beýan edildi.

Astrahan oblastynyň gubernatorynyň resmi metbugatynyň duşuşyk boýunça beýanatyna görä, Astrahan bilen Aşgabadyň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň möhümdigi bellenilip, munuň “işewür we ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşjakdygy” nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda resmiler Astrahanyň “Olýa” deňiz portunda Türkmenistanyň logistika merkezini açmak barada ylalaşdylar.

Babuşkin logistika merkeziniň Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky söwdanyň ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Logistika merkezini döretmek kararyny goldap, Raşid Meredow ýakyn günlerde türkmen tarapyndan taslama utgaşdyryjysyny bellejekdigini aýtdy. Şeýle-de ol indiki hepde sanly ulgam arkaly bu mowzuk boýunça ilkinji bilelikdäki maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Astrahanyň gubernatory Aşgabat şäherine eden saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşik geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022