Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli 338 sany raýat tussaglykdan boşadyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Bitaraplyk güni mynasybetli 338 sany raýat tussaglykdan boşadyldy
Türkmen Lideri günäsi geçilen raýatlara Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda iş kesilen 338 sany raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen raýatlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem, Milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen raýatlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

2022