Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini iberýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini iberýär
Daşary işler ministrligi 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini hem-de gowşurylmagyny geçirmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Owganystana ynsanperwer kömegini bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, “Türkmengaz” döwlet konsernine, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary we azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

Şeýle hem, Daşary işler ministrligi 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini hem-de gowşurylmagyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge borçly edildi.

Türkmenistan Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini ugradýar. Mundan ozal ugradylan ynsanperwer kömeginiň içinde derman serişdeleri, lukmançylyk işgärleri üçin gorag eşikleri we lukmançylyk enjamlary, dezinfeksiýa serişdeleri, derman çözgütleri, gorag maskalary, hirurgiki ellikler, Owganystanyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde zerurbolan derman serişdeleri bardy.

2022