Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ilçi Teri Hakala bilen anna güni duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmegine berk ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Ilçi “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen geldi.

Habarda bellenilişi ýaly, özara hereketleriň häzirki hereket edýän ikitaraplaýyn gurallarynyň, hususan hem “Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan” bilelikdäki toparynyň , Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça Konsultatiw duşuşyklaryň, şol sanda “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” formatyndaky özara hereketleriň netijeliligi beýan edildi.

Şeýle-de Ilçi Teri Hakala saparynyň çäklerinde anna güni ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan gibrid görnüşde gurnalan Halkara Adam hukuklary güni mynasybetli sebitleýin Merkezi Aziýa ýygnagyna gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň raýat jemgyýeti guramalary hem gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz wekilhanasyny 2019-njy ýylda Aşgabatda açypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022