Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda Milli Liderimiz Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen gaz alyş-çalşygy boýunça şertnamasynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda üç ýurduň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň döredilmegini teklip etdi.
Eýranyň Prezidentiniň resmi saýtyndaky beýanata görä, Döwlet Baştutanymyz halkara guramalarda iki ýurduň has işjeň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ünsi çekip, goňşy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.
Öz gezeginde, Raisi türkmen kärdeşine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sammitiniň guramaçylyk işleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de gaz hyzmatdaşlygy we şol sanda gaz alyş-çalşygy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň arasynda oňyn ädimleriň ädilendigini aýtdy.
Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekildi. Resminama laýyklykda, ýylda 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylar.