Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Delä we Yslamabada sapar edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Delä we Yslamabada sapar edýär
Yslamabat şäheri, Päkistan

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda “Merkezi Aziýa – Hindistan” Dialogynyň Daşary işler ministrler derejesindäki mejlisiniň işine hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşmak üçin degişlilikde Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde hem-de Päkistanyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

Bu baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sapara taýýarlyk boýunça beren hasabatynyň çäklerinde Yslamabatda Türkmenistanyň we Päkistanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Hindistan” duşuşygynyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere aýratyn üns berler.

Nýu-Delide türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirmek barada teklip berip, R.Meredow Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz geçiriljek duşuşyklaryň meseleleriniň biriniň goňşy Owganystandaky ýagdaý bilen bagly boljakdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirjekdigini nygtady. Şol taslamalar bu ýurduň we tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant bolar diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik we optiki-süýümli geçirijileri ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär.

2022