KAMAZ Türkmenistana elektrik awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
KAMAZ Türkmenistana elektrik awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär
Häzirki wagtda kompaniýanyň elektrik awtobuslary Moskwada hereket edýär.

Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglarynyň öndürijisi KAMAZ 2022-nji ýylda Türkmenistana synag üçin elektrik awtobuslary ugratmak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada kompaniýanyň direktory Sergeý Kogoginiň aýdanlaryna salgylanyp, “Tatar-inform” habarlar agentligi anna güni mälim etdi.

Arap ýurtlarynyň hem KAMAZ elektrik awtobuslara uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Kogogin häzirki wagtda kompaniýanyň Pars aýlagy döwletleri bilen awtobuslary üpjün etmek meselesinde gepleşikleri geçirýändigini belledi.

Habara görä, häzirki wagtda kompaniýanyň elektrik awtobuslary Moskwada hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň  Prezidenti Rustam Minnihanow şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda KAMAZ elektrik awtobuslaryň Türkmenistana iberilmegini ara alyp maslahatlaşypdylar.

2022