Türkmenistanda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär
Glisirrizin turşusy buýan kökünden alynýar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumyna degişli glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Bu baradaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Şeýle-de wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan kärhanany gurmak boýunça geçiren bäsleşiginde “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň ýeňiji bolandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk bilen bagly meseläni ýene-de bir gezek içgin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de öz tekliplerini garamaga bermegi tabşyrdy.

2022