Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 11 million 672 müň 400 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Täjigistandan, Kiprden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan we Türkiýeden gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen önümleri satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.
Geçen penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmäge bagyşlanan halkara konferensiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) işini doly sanlylaşdyrmak meýilleşdirilýändigi bellenildi. Bu bolsa dünýäniň islendik ýerinden TDHÇMB söwdalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döreder.