Pakistan energiýa taslamalaryny wagtynda tamamlamagy maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistan energiýa taslamalaryny wagtynda tamamlamagy maksat edinýär
Duşuşygyň dowamynda energetiki ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda şenbe güni Yslamabatda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Kureýşi Päkistanyň energiýa taslamalaryny öz wagtynda tamamlamagy maksat edinýändigini tassyklady.

Bu duşuşyk Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň çäklerinde geçirilidi.

Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Kureýşi ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny hem-de bilelikdäki hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny belledi.

Taraplar Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde halkara jemgyýetiň yzygiderli gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habaryna görä, duşuşygyň dowamynda energetiki ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işler babatynda pikir alşyldy.

2022