Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) ýekşenbe güni Owganystanyň uly çökgünlige şaýatlyk edýänligi, ýurtdaky adamlaryň millionlarçasy garyplyk we açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygy sebäpli Owganystan üçin ynsanperwerlik gaznasyny döretmegi wada berdi.
Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň habaryna görä, bu baradaky karar Päkistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde 57 sany agza döwletlerden ybarat bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň dowamynda beýan edildi.
Duşuşyga YHG-na agza döwletleriň daşary işler ministrleri, BMG-niň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu gazna Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) howandarlygynda Owganystana ynsanperwer kömegini bermek üçin beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda dörediler.
Şeýle hem, mejlise gatnaşyjylar barha artýan azyk ýetmezçiligini azaltmak üçin Owganystanda azyk howpsuzlygy maksatnamasyny durmuşa geçirmäge razy boldular.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habaryna görä, YHG-nyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça YHG-nyň jemleýji Kararnamasyna Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçirijisi ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi.
Geçen sişenbe güni Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerini we azyk senagatynyň harytlaryny öz içine alýan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýüklerden, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi Owganystana ugradypdy.