TOPH gaz geçirijisiniň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmak üçin komitet döretmek teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOPH gaz geçirijisiniň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmak üçin komitet döretmek teklip edildi
Prezident Arif Alwi Pakistanyň TOPH taslamasynyň möhletinden öň tamamlanmagyna ygrarlydygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Yslamabat şäherinde Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň möhletinden öň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmak üçin bilelikdäki iş toparynyň çäginde komitet döretmek teklip edildi.

Prezident Arif Alwi Pakistanyň TOPH taslamasynyň möhletinden öň tamamlanmagyna ygrarlydygyny beýan etdi. Bu barada Pakistanyň Maglumat we ýaýlym ministrligi habar berdi.

Bu duşuşyk Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň çäklerinde geçirilidi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, taraplar energetika pudagyndaky netijeli türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda ähmiýetli tagallalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow iki ýurduň arasyndaky ýokary syýasy derejedäki gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we has hem giňeldilmegi üçin esas döredýändigini belläp geçdi.

Şeýle hem, ähli ugurlar boýunça türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň yzygider ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda şenbe güni hem ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. Onuň dowamynda Kureýşi Pakistanyň energiýa taslamalaryny öz wagtynda tamamlamagy maksat edinýändigini tassyklapdy.

2022