Aşgabatda duşenbe güni Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow, gazak tarapyna bolsa Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.
Şeýle-de Nur-Soltan we Aşgabat şäherlerinde geçirilen ozalky mejlisleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.
Mejlisiň çäklerinde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşygy geçirildi. Şeýle-de iki ýurduň ministrlikleriniň we käbir edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.