TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň gurluşygy tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň gurluşygy tamamlanýar
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) Haýalladylan kokslaşdyryjy we gudrony deasfaltlaýjy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlanyp gelýär.

Täze desga zawoddaky ähli agyr galyndylary (gudronlary, nebit şlamlaryny, asfaltlary we beýleki galyndy önümleri) has ýeňil nebit önümlerine (benzin, dizel ýangyjy) we elektrod koksuna gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy tarapyndan gurulýan täze desgalar toplumynyň işi tutuş zawodyň ykdysady hem-de ekologiýa taýdan netijeliligine oňyn täsir eder. Netijede, desga ýeňil nebit önümleriniň — awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň (suwuklandyrylan gazy soňlugy bilen polipropilene gaýtadan işlemek) işlenilip taýýarlanylmagyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Toplum Russiýada, Ýewropada, ABŞ-da synagdan geçirilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Hünärmenleri taýýarlamak üçin toplumda işlemek boýunça tehnologik simulýatorlaryň işlenilip taýýarlanylmagy meýilleşdirilýär. Bu simulýator sehiň gurluşygy tamamlanýança we ulanyşa girizilýänçä operatorlara “wirtual” işlemegi öwretmäge mümkinçilik berip, bu çemeleşme onuň ulanyşa girizilmeginde howpsuzlygyny ýokarlandyrar.

Täze desgalar toplumyň gurluşygy 2019-njy ýylyň ahyrynda başlandy we 2022-nji ýylda tamamlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022