Koronawirusyň “omikron” görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Koronawirusyň “omikron” görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirildi
Dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak bilen baglanyşykly meselelere seredildi. (Surat: RIA)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjynyň täze “omikron” görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça sişenbe güni iş maslahatyny geçirdi.

Maslahata Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Çary Amanow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew hem-de Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nazar Atagaraýew gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň gün tertibine häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz koronawirus ýokanjy meselesinde arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. “Häzirki döwürde köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri, hususan-da, “omikron” görnüşi ýaýrap başlady. Bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir, olar adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar” diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, adamlar ýurdumyza gelende, şeýle hem harytlar, şol sanda azyk önümleri ýurdumyza getirilende, nähili gorag çäreleriniň görülýändigine garamak üçin maslahat geçirmek kararyna gelindi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Wise-premýer Ç.Amanowa ýurdumyz boýunça azyk harytlarynyň ätiýaçlyk gorlary baradaky maglumatlary yzygiderli seljermek hem-de bazarlaryň we söwda nokatlarynyň halkyň gündelik sarp edýän azyk harytlary bilen üpjünçilik ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe daşary ýurt döwletlerinden ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň hiliniň we howpsuzlygynyň bellenen kadalara laýyk gelmegini hem-de olara Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Şeýle hem, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewe Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gara ýollaryň ugrunda hereket edýän barlag-goýberiş nokatlaryndan geçýän azyk harytlaryny daşaýan ýük awtoulaglarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2022