Eýranyň nebit ministri: 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda gaz alyş-çalşygy başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň nebit ministri: 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda gaz alyş-çalşygy başlanar
Eýran 1990-njy ýyllaryň ahyryndan başlap, demirgazyk welaýatlary üçin esasanam gyş wagtynda Türkmenistandan tebigy gaz import edip gelýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji Türkmenistandan tebigy gazyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana alyş-çalyş usuly bilen 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ugradylyp başlanjakdygyny mälim etdi. Bu barada Jawad Owjinin aýdanlaryna salgylanyp, Eýranyň “Tasnim News Agency” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Nebit ministri Owji “Tasnim” agentliginiň ykdysady habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşy boýunça şertnamasynyň käbir tehniki jikme-jikliklerini aýan etdi.

“Ýyllyk gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 1,5-2 milliard kubmetr tebigy gaz aralygyndadyr. Türkmenistandan gazyň alynýan ýerini we Azerbaýjana gazyň iberilýän ýerini göz öňünde tutsak, gyş möwsüminde Eýranyň demirgazyk sebitlerinde tebigy gaz üpjünçiligini durnuklaşdyrmak üçin bu mümkinçilikden peýdalanyp bileris” diýip, Jawad Owji belledi.

Mälim bolşy ýaly, Eýran, Azerbaýjan we Türkmenistan 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çäklerinde üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama gol çekipdiler.

Eýranyň günortasynda esasy tebigy gaz ýataklary bardyr. Emma Eýran 1990-njy ýyllaryň ahyryndan başlap, demirgazyk welaýatlary üçin esasanam gyş wagtynda Türkmenistandan tebigy gaz import edip gelýär.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň öňki gaz üpjünçiligi üçin bergisi sebäpli 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan Eýrana gaz eksportyny togtadypdy.

2022