“Rystad”: şu ýyl nebit-gaz gorlarynyň açyşlary rekord derejede peseler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rystad”: şu ýyl nebit-gaz gorlarynyň açyşlary rekord derejede peseler
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tapylan nebitiň we gazyň umumy mukdary 4,7 milliard barrel nebit ekwiwalentine barabar boldy. (Surat: "TotalEnergies")

Şu ýyl nebit-gaz gorlarynyň açyşlarynyň geçen 75 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, “MarketWatch” maliýe we işewürlik boýunça täzlikler saýty duşenbe güni habar berdi.

“Rystad Energy” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tapylan nebitiň we gazyň umumy mukdary 4,7 milliard barrel nebit ekwiwalentine barabar boldy we dekabr aýynda hiç hili möhüm nebit-gaz açyşy yglan edilmedi. Şeýlelikde, şu ýylyň nebit-gaz gorlarynyň açylşy boýunça görkeziji 1946-njy ýyldan bäri iň pes derejede bolup biler.

2020-nji ýylda 12,5 milliard barrel nebit ekwiwalentine deň nebit-gaz gorlary tapyldy.

“Käbir geljegi uly guýularyň ýylyň ahyryna çenli burawlanmagyň meýilleşdirilýändigine garamazdan, bu 2021-nji ýylda tapylan gorlaryň göwrümleriniň ýokarlanmagyna eltip bilmez. Sebäbi olaryň burawlanmagy şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmazlygy mümkindir” diýip, “Rystad Energy” kompaniýasynyň wise-prezidenti Palzor Şenga aýtdy.

Noýabr aýynda ABŞ-nyň esasy banklary we bazardaky uly kompaniýalar 2022-nji ýylda nebitiň bahasy baradaky çaklamalaryny ýokarlandyrdylar. “Bank of Amerika” bankynyň analitikleri, nebitiň “Brent” görnüşiniň 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli bahasynyň 120 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar. “JPMorgan” banky 2022-nji ýylda “Brent” nebitiniň bir barreliniň ortaça bahasynyň $88 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny çaklaýar.

Dünýädäki iň uly nebit söwda kompaniýalaryň biri “Vitol Group”-yň başlygy Rassel Hardi üpjünçiligiň ýetmezçiligi we ýangyç isleginiň dikelmegi sebäpli nebitiň bir barreliniň bahasynyň 100 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşýar.

2022