Türkmenistanda “Sputnik Laýt” sanjymy hasaba alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Sputnik Laýt” sanjymy hasaba alyndy
Köp ýurtlarda “Sputnik Laýt” sanjymy adam bedeniniň koronawirusyň “omikron” görnüşini zyýansyzlandyrma ukybyny ýokarlandyrmak üçin ulanylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi penşenbe güni koronawirus ýokanjyna garşy “Sputnik Laýt” sanjymyny (bir gezeklik alynýan sanjym we buster) hasaba aldy we oňa degişli şahadatnamany berdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Häzirki wagtda “Sputnik Laýt” dünýäniň 15-den gowrak ýurtlarynda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletlerde bu sanjymy bellige alyş amallary dowam edýär.

Birnäçe metbugat habarlaryna görä, köp ýurtlarda “Sputnik Laýt” sanjymy adam bedeniniň koronawirusyň “omikron” görnüşini zyýansyzlandyrma ukybyny ýokarlandyrmak üçin ulanylýar.

Bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtlarda önümçiligi meýilleşdirilýär. Ýakyn wagtda “Sputnik Laýt” sanjymy Hindistanda, Hytaýda, Günorta Koreýada, Wýetnamda, Meksikada, Argentinada, Serbiýada we Türkiýede öndürilip başlanar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirus ýokanjynyň “omikron” görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça sişenbe güni iş maslahatyny geçiripdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Russiýada öndürilen COVID-19 ýokanjyna garşy “EpiVacCorona” we “Sputnik-V” sanjymlary Türkmenistanda resmi taýdan bellige alyndy.

2022