Türkmen Lideri Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Ilham Aliýewi doglan güni bilen gutlady
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň AZERTAC täzelikler agentligi penşenbe güni habar berdi.

“60 ýyllyk ýubileý doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň” diýip, Döwlet Baştutanymyz öz gutlag hatynda belledi.

“Häzirki wagtda Azerbaýjanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlarynda we ykdysady ösüşinde gazanylan uly üstünlikler hem-de dünýä arenasynda abraýynyň güýçlenmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

“Hususanda, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, halklarymyzyň dostlugyny we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde Siziň şahsy ünsüňizi we ählitaraplaýyn goldawyňyzy aýratyn belläsim gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.

Milli Liderimiz Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Azerbaýjanyň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

2022