Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymynyň 10 müň dozasy geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymynyň 10 müň dozasy geler
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň penşenbe güni Aşgabatda geçiren mebtugat ýygnagy (Surat: Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Russiýa häzirki wagtda COVID-19 ýokanjyna garşy “Sputnik Laýt” sanjymynyň 10 müň dozasynyň Türkmenistana iberilmegi ugrunda işleri alyp barýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň anna güni geçiren metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp, “Orient” internet neşiri habar berdi.

“Şu gün Türkmenistana gelýän uçaryň “Sputnik Laýt” sanjymynyň 10 müň dozasyny getirjekdigine umyt edýärin, bu sanjymlar mugtdyr” diýip, Blohin Russiýa bilen Türkmenistanyň bu meselelerde doly düşünişýändiklerini we onuň örän gowudygyny belledi.

Russiýanyň ilçisiniň sözlerine görä, şu güne çenli Russiýa Türkmenistana 600 müň töweregi COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym gowşurdy.

Blohin Türkmenistanyň ilatynyň takmynan 80%-niň doly sanjym edilendigini aýdyp, onuň örän gowy görkezijidigini belledi. “Mysal üçin, Russiýada bu görkeziji 60% töweregidir. Türkmen tarapynyň sanjym derejesini 90%-e çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini bilýärin we bu ajaýypdyr hem-de dünýäniň iň gowy ýurtlarynyň derejesindedir” diýip, ilçi aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi penşenbe güni koronawirus ýokanjyna garşy “Sputnik Laýt” sanjymyny (bir gezeklik alynýan sanjym we buster) hasaba aldy we oňa degişli şahadatnamany berdi.

2022