Türkmenistanyň Baştutany Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA-nyň Sammitine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Baştutany Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA-nyň Sammitine gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin (Surat: Informal CIS Summit, St. Petersburg, December 28, 2021 (Photo: Kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

GDA gatnaşyjy döwletleriň resmi däl duşuşygy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy boýunça geçiriler.

Şeýle hem, duşuşyga Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşarlar.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

2022