Türkmenistan bilen Eýran energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollaryna seredýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýran energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollaryna seredýär
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik pudagyndaky ösen gatnaşyklara garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow bilen Eýranyň Energiýa ministri Ali Akbar Mehrabiýanyň arasynda anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda elektrik energiýa pudagyndaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada pikir alşyldy.

Iki ýurduň arasynda elektrik pudagyndaky ösen gatnaşyklara ünsi çekip, taraplar elektrik alyş-çalşygy, tehniki we inženerçilik hyzmatlary hem-de Eýranyň elektrik harytlaryny Türkmenistana ugratmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryna garadylar.

Eýranyň metbugatynyň habar berşi ýaly, türkmen we eýran resmileri ýurtlaryň elektrik ulgamlarynyň baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Eýran bilen Türkmenistanyň Prezidentleriniň arasynda Täjigistanda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde we Türkmenistanda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde gazanylan möhüm şertnamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Eýranyň hökümet işgärleri esasy hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça şertnamalary baglaşmak we durmuşa geçirilişine taýýarlyk görmek üçin ýakyn wagtda ýüzbe-ýüz duşuşyp boljakdygyna umyt bagladylar.

2022