Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 90 million 363 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzümlerinde öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine boýalan tüýjümek önümler, float list aýna ýerlenildi.
Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň täjirleri jemi bahasy 152 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.