Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody şu ýylyň başyndan bäri 888 müň 700 tonna karbamid dökünini öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda “Garabogazkarbamid” zawodynyň önümlerine daşary ýurtly we ýerli telekeçiler uly isleg bildirýärler.
“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.
Zawodyň Hazar deňziniň kenarynda gurulmagy öndürilýän önümleri deňiz we demir ýollary arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär.
“Garabogazkarbamid” iri senagat zawody 2018-nji ýylyň sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ulanylmaga berildi. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-nyň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.