Türkmenistanda 2022-nji ýylyň şygary yglan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň şygary yglan edildi
“Arkadag” binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa duşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň jemleýji bilelikdäki mejlisiniň barşynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilendigini mälim etdi we Täze ýylyň nyşanynyň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, şeýle-de mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Mämmedowanyň aýtmagyna görä, bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürülendigini, geljek ýylyň nyşanynyň taslamasy bolsa yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alyndy.

Milli Liderimiz teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara geljek ýylyň şowly bolmagyny, täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, ýurdumyzy ösdürmek, 2022-nji ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.

2022