Türkmen Lideri lukmançylyk ulgamynda täze başlangyçlary teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri lukmançylyk ulgamynda täze başlangyçlary teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin (Surat: “Kremlin.ru”)

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde sişenbe güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edip, ylmy lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy boýunça geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň resmi däl duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýygnanyşdylar. Şeýle-de duşuşyga Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugynyň ýolbaşçysy, Baş döwlet sanitariýa lukmany Anna Popowa hem gatnaşdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny guramanyň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de GDA döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA giňişliginde biologik howplar barada aýdyp, bu ulgamda bitewi resminama täzeden garamagy we gol çekmegi teklip etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň şeýle resminama eýýäm gol çekendiklerini belledi.

Anna Popowa koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde bilelikdäki işiň geljekki ugurlary barada gürrüň berdi.

Şeýle-de milli Liderimiz Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Russiýadan tapawutlylykda, beýleki kliniki alamatly arid zolaklarda ýerleşýändigine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu zolagyň aýratynlyklaryndan ugur alyp, bu ýokanjyň genomyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz berilýän kömek üçin minnetdarlyk bildirip, eger-de Russiýa hut bakteriologiýany hem-de wirusologiýany öwrenmek boýunça özüniň maslahatlaryny we gollanmalaryny merkezleşdirilen görnüşde berse, bu meselelerde bitewi çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyny nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşine geljekki hyzmatdaşlyk barada aýdan oňyn teklipleri üçin hoşallyk bildirip, GDA döwletleriniň mundan beýläk-de bu ugurda hereket etjekdiklerine ynam bildirdi.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi.

2022