Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi teklip edildi
Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda Milli Liderimiz 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmegi hem teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz bu mejlisi geljek ýyl maý aýynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň çäklerinde geçirmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk hem-de döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022