Türkmenistanda web-saýtlaryň ýöredilmegi üçin talaplar kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda web-saýtlaryň ýöredilmegi üçin talaplar kabul edildi
Web-saýt öz ulanyjysynyň gizlin maglumatlarynyň goralmagyny üpjün etmelidir.

Türkmenistanyň hökümeti türkmen web-saýtlarynyň döredilmeginde we işe girizilmeginde berjaý edilmäge degişli bir bitewi tehniki talaplary kabul etdi. Bu baradaky degişli resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýaýradyldy.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda ýurduň ähli edara we guramalary tarapyndan web-saýtlary döretmegiň zerurlygy baradaky çykaran Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Bu talaplar guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli döwlet edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Resminama laýyklykda, internet web-saýtynyň dizaýny eýesiniň korporatiw dizaýnyna gabat gelmelidir we esasan hem, ýagty reňklerden düzülmelidir. Internet web-saýta birigýän mobil telefonlarda, planşetlerde we beýleki enjamlarda sahypanyň dogry görkezilmegini üpjün edýän we brauzerleriň penjireleriniň ölçeglerini dinamiki taýdan uýgunlaşmagyny üpjün edýän “uýgunlaşdyrylan web dizaýny” (Adaptive-responsive design) bolmalydyr.

Internet web-saýtda täzelikleriň wagtal-wagtal täzelenip durulmagy üpjün edilmelidir we täzelikler ýerleşdirilen ýagdaýynda, diňe hakykylygy tassyklanan ygtybarly çeşmelerden alnan täzelikler ýerleşdirilmelidir. Daşky çeşmelerden täzelikler alnan ýagdaýynda, maglumatyň çeşmesi görkezilmelidir

Şeýle-de resminamada web-saýtyň ulanyjylarynyň gizlin maglumatlarynyň paýlaşylmazlygyna üns berilýär. Web-saýt öz ulanyjysynyň gizlin maglumatlarynyň goralmagyny üpjün etmelidir we üçünji taraplara aýan edilmegine garşy çäre görmelidir.

Resminamanyň giň bölümi, milli saýtlaryň kiberhowpsuzlygynyň tehniki talaplaryna gönükdirilendir. Saýty nädip goramalydygy we kiberhowplardan gaça durmak üçin haýsy gurallary ulanmalydygy jikme-jik beýan edilýär.

Talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan işlenilip düzüldi we kabul edildi.