Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyla resmi sapara çagyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyla resmi sapara çagyryldy
Tel-Awiw, Ysraýyl

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersog Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ugradan Täze ýyl gutlag hatynda Döwlet Baştutanymyzy resmi sapar bilen Ysraýyla çagyrdy. Bu gutlag haty Türkmenistanyň resmi metbugatynda anna güni çap edildi.

“Ysraýyl Döwletiniň halkynyň we Hökümetiniň adyndan 2022-nji ýylda Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, saglyk hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlary kabul ediň” diýip, Prezident Ishak Gersog Täze ýyl hatynda aýtdy.

Ysraýylyň Türkmenistana öz hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny belläp, Ishak Gersog ýurtlaryň özara gatnaşyklary gurmagy hem-de berkitmegi dowam etmegine tüýs ýürekden umyt edýändigini aýtdy.

“Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi resmi sapar bilen Ysraýyla çagyrmaga rugsat ediň” diýip, Gersog saparyň köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

“2022-nji ýylda ysraýylly diplomatlaryň Aşgabada barjakdygyna hem-de Ysraýylyň bellenen ilçisi hanym Bet-Iden Kaýtyň Size ynanç hatyny gowşurjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin. Biz Aşgabatdaky hemişelik edaramyzyň gurluşygyny dowam etmegi maksat edinýäris. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigimiziň subutnamasy bolup hyzmat edýär” diýip, Ysraýylyň Prezidenti öz hatynda nygtady.

Türkmenistan bilen Ysraýyl 1993-nji ýylyň oktýabr aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

2022