Türkmen Lideri mekdep okuwçysynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri mekdep okuwçysynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi
Ibraýym Rüstemowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze, ak reňkli welosiped gowşuryldy.

Penşenbe güni irden paýtagtymyzdaky 64-nji orta mekdebiň okuwçysy Ibraýym Rüstemowyň öýüne Aýazbaba gelip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze welosipedi sowgat berdi.

“Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki ýurdumyzyň baş arçasynyň öňünde çarşenbe güni geçirilen dabaranyň dowamynda Ibraýyma milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Söhbetdeşlikde Ibraýym döwlet Baştutanymyza Aýazbaba ýollan hatynyň mazmuny barada gürrüň berdi.

Ibraýym hatda ýurdumyzyň hormatly Prezidenti bilen surata düşmek we täze welosipedi sowgat almak isleýändigi barada ýazandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Oglanjygyň arzuwynyň birinjisi penşenbe güni hasyl boldy. Şonda ol baş arçanyň öňündäki dabaranyň barşynda milli Liderimiz bilen surata düşüpdi. Şol gün Döwlet Baştutanymyz oglanjygyň eden arzuwlarynyň ählisiniň hasyl boljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudygyny belledi.

Aýazbaba Ibraýymyň ikinji arzuwyny amala aşyryp, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze, ak reňkli welosipedi gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl ýaş nesli Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara sowgat berýär we baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşýar. Däp bolşy ýaly, dynç alyşyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyz Döwletliler Köşgünde terbiýeleýän çagalara hem sowgatlary berýär.

2022