Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyny Täze ýyl bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyny Täze ýyl bilen gutlady
Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni türkmen halkyny Täze 2022-nji ýyl bilen gutlady.

2022-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça bars ýylydyr. “Bars — baýlyk” diýýän halkymyz bu ýyly rysgal-döwletli, bereketli hasaplap, täze ýyla aýdyň maksatlar, uly ynam bilen gadam basýar diýip, Milli Liderimiz öz gutlag sözünde belledi.

“Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2021-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli ençeme döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, işe girizdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlady” diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

“Goý, täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik we asudalyk ýar bolsun! Bagtyýar günler, döwletli döwran dowamat-dowam bolsun!” diýip, Döwlet Baştutanymyz gutlag sözüniň ahyrynda aýtdy.

Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Dabaralar türkmen paýtagtynyň asmanyny bezän öwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy.

2022