“Ukyply topar” kompaniýasy plastmassa plitalary Türkiýä eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ukyply topar” kompaniýasy plastmassa plitalary Türkiýä eksport edýär
Kompaniýada öndürilýän polietilenden we polipropilenden plastmassa plitalary ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň hem-de suw howdanlarynyň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Ukyply topar” hususy kärhanasynda öndürilýän polietilenden we polipropilenden plastmassa plitalary Türkiýä eksport edilýär.

Kompaniýanyň Hytaýyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy bu ýerde plastmassa plitalaryň aýda 150 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylyp, ol Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Bu ýerde öndürilýän polietilenden we polipropilenden plastmassa plitalary ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň hem-de suw howdanlarynyň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýar. Önümler çyg geçirmeýänligi, durnuklylygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Kärhanada işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär.

“Ukyply topar” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda esaslandyryldy.