GDA-nyň ýygnagynda energetika pudagynyň karbonsyzlaşdyrylmagyna garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-nyň ýygnagynda energetika pudagynyň karbonsyzlaşdyrylmagyna garaldy
Bug gazlarynyň zyňylmalaryna gözegçilik etmek boýunça gurallary döretmegiň zerurlygy nygtaldy.

Energetika pudagynyň karbonsyzlaşdyrylmagy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň (GDA EEG) 59-njy mejlisiniň esasy mowzugy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata GDA agza döwletleriň – Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň elektroenergetikany dolandyryş edaralarynyň hem-de ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Geňeşiň agzalary elektroenergetika pudagynda karbonsyzlaşdyrylmagy höweslendirmek we bug gazlarynyň zyňylmalaryna gözegçilik etmek boýunça gurallary döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Merkezi Aziýada gidroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini we suw-energetika toplumynyň maýa goýum mümkinçiligini artdyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dünýäde howanyň üýtgemegi we GDA agza döwletleriň bu ugurdaky häzirki syýasaty boýunça bilelikde beýannama we 2021-nji ýylyň 15-nji dekabrynda GDA EEG-niň ýanyndaky Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisinde taýýarlanan birnäçe resminamalary kabul etdiler.

“InterRAO” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň wekili Taras Kupçikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze başlygy wezipesine saýlandy. Ol 1-nji fewraldan öz wezipesine girişer.

GDA-nyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň indiki 60-njy mejlisini 2022-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda Gazagystanda geçirmek meýilleşdirilýär.

2022