Türkmenistan bilen Owganystan serhetdäki çylşyrymly ýagdaýlar baradaky habarlary ret edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan serhetdäki çylşyrymly ýagdaýlar baradaky habarlary ret edýär
Türkmenistanyň DIM-i, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy we Owganystanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni käbir metbugat serişdeleriniň türkmen-owgan serhedinde çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykandygy baradaky ýaýradan habarlaryny ret etdiler.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Abdul Kahar Balhi öz “Twitter” hasabynda Owganystan bilen Türkmenistanyň serhedindäki çaknyşyklar baradaky habarlaryň ýalandygyny mälim etdi.

“Biz bilen goňşymyz Türkmenistanyň arasynda hiç hili mesele ýokdur. Biz ähli dünýä ýurtlary, şol sanda dostlukly Türkmenistan bilen konstruktiw hem-de oňyn gatnaşyklary maksat edinýäris” diýip, Abdul Kahar Balhi aýtdy.

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda käbir habar beriş serişdelerinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý boýunça barlanylmadyk we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlar peýda boldy.

Türkmenistanyň öz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, Owganystan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtap, ilçihana türkmen-owgan serhediniň dostluk serhedi bolup durýandygyny aýtdy.

“Türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak boýunça owgan tarapy bilen ylalaşykly hereketler yzygider esasda alnyp barylýar” diýip, Türkmenistanyň ilçihanasy beýanatynda nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow geçen ýylyň oktýabr aýynda Kabul şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine seredilip geçildi.