Türkmenistan Gazagystandaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna umyt edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gazagystandaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna umyt edýär
Türkmenistan Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda Türkmenistanyň soňky günlerde Gazagystanda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigini aýtdy.

Beýanatda bellenilişi ýaly, köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, Türkmenistan ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

“Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň DIM-i beýanatda belledi.

Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhediniň uzynlygy 450 kilometrden gowrak bolup, ol Hazar deňzinden Özbegistan bilen üç nokada çenli uzaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022