ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze wekili Milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze wekili Milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy
ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanda döwlet derejesinde enäniň we çaganyň saglygyny goramaga uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol Milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNISEF bilen gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mohammad Faýýazi Çagalar gaznasynyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we Mohammad Faýýazi köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanda döwlet derejesinde enäniň we çaganyň saglygyny goramaga uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Mohammad Faýýazi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özi üçin Türkmenistanda işlemegiň uly hormatdygyny belledi hem-de öz tarapyndan bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine esaslanýan we uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistan geçen ýylyň mart aýynda ÝUNISEF-iň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldamagynda 2020-2025-nji ýyllar üçin ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnamasyny kabul etdi.