Ýanwar I hepde: eksport geleşikleri $63 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar I hepde: eksport geleşikleri $63 milliondan geçdi
TNGIZT-da öndürilen dürli kysymly awtoulag benzini, dizel ýangyjy, yşyklandyryş kerosini satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 63 million 544 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dürli kysymly awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem, BAE-niň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen ýüplüklerinden dokalan matany, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 867 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022