Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek meselesine garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek meselesine garady
Söhbetdeşlikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryna seredip geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanyň resmileri bilen şenbe güni birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Taraplar esasy ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň depginini işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, Daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary Möwlewi Sader Azan bilen gepleşikleri geçirdiler.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşlikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryna seredip geçdiler.

Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berip, taraplar iki ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklaryny beýan etdiler.

Owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi hem-de ýurduň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky duşuşygyň esasy mowzuklarynyň hatarynda boldy.

Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

2022