Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar eder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow

Ykdysady meseleler boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti ýakyn geljekde Özbegistanyň Daşkent şäherine sapar eder.

Bu baradaky sapar Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň resmi däl Sammitiniň çäklerinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapynyň çakylygy boýunça, ykdysady ulgamdaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Daşkent şäherine sapar bilen barjakdygy bellenildi.

2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 626 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,5% ýokarydyr.

2022