Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker
TOPH taslamasynyň umumy bahasy 9-10 milliard ABŞ dollary aralygynda çaklanylýar.

Owganystan ýakyn wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) taslamasynyň hyzmatdaşlary bilen TOPH taslamasy boýunça 7 sany şertnama gol çeker. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmilerine salgylanyp, “TOLOnews” owgan teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin 16 sany resminama bardyr, olaryň 9-sy ozalky hökümet tarapyndan gol çekildi.

Daşary işler ministrliginiň Strategiki gözlegler merkeziniň müdiri Waliullah Şahin Türkmenistanyň Owganystana TOPH taslamasy üçin karzyna pul berjekdigini aýtdy.

Biz Türkmenistan bilen Owganystandaky TOPH taslamasy boýunça çykdajylary ýapmaga gönükdirilen karz pul boýunça ylalaşdyk we bu puly Owganystan geljekde taslamadan geljek girdejileriň hasabyna Türkmenistana gaýtaryp berer diýip, Waliullah Şahin belledi.

Şol bir wagtyň özünde, Owganystanyň Maliýe ministrligi ýurduň täze maliýe ýyly üçin býujetinde TOPH taslamasy üçin maliýe serişdeleriň göz öňünde tutuljakdygy aýtdy.

TOPH taslamasynyň umumy bahasy 9-10 milliard ABŞ dollary aralygynda çaklanylyp, bu uly sebitleýin taslamanyň gurluşygy we dolandyrylyşy “TAPI Pipeline Company Ltd.” kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar.

2022