Dünýäde nebite we tebigy gaza maýa goýumlaryň möçberi şu ýyl 26 milliard ABŞ dollary artar. Muňa esasan tebigy gazyň gözlegine we çykarylyşyna hem-de suwuklandyrylan gazyň önümçiligine maýa goýumlaryň artmagy sebäp bolar diýip, energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy sişenbe güni mälim etdi.
“Rystad Energy” kompaniýasy şu ýyl umumy nebite we gaza maýa goýumlaryň 4% ýokarlanyp, 628 milliard ABŞ dollaryna ýetjekdigini çaklaýar. 2021-nji ýylda nebit we gaz pudagyna goýlan maýa goýumlaryň umumy möçberi 602 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
Tebigy gaza we suwuklandyrylan gaza maýa goýumlaryň 2022-nji ýylda 14% ýokarlanyp, 2021-nji ýyldaky 131 milliard ABŞ dollaryndan 149 milliard ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar.Bu görkeziji pandemiýadan öňki döwürden pesdigini belläp, Rystad tebigy gaza we suwuklandyrylan gaza maýa goýumlaryň iki ýylyň içinde 171 milliard ABŞ dollaryna ýetip, 2019-njy ýyldaky 168 milliard ABŞ dollary görkezijiden geçjekdigini çaklaýar.
Şol bir wagtyň özünde, nebitiň çykarylyşyna maýa goýumlaryň 287 milliard ABŞ dollaryndan 307 milliard ABŞ dollaryna barabar bolmagy çaklanylýar. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7% ýokarlanyp biler.
“Rystad” esasan Awstraliýada we Ýakyn gündogarda maýa goýumlaryň artjakdygyny aýratyn görkezýär. Awstraliýada täze gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi esasynda 33%, Ýakyn gündogarda bolsa 22% ýokarlanmagyna garaşylýar.