Ýolagçylary awtobuslarda gatnatmak işiniň ygtyýarlandyryş düzgüni girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýolagçylary awtobuslarda gatnatmak işiniň ygtyýarlandyryş düzgüni girizildi
Bu işiň görnüşlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ygtyýarlandyrýar.

Türkmenistanda umumylykda peýdalanylýan awtobus arkaly ýolagçylary gatnatmak boýunça işiň görnüşleriniň ygtyýarlandyryş düzgüni girizildi.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi sişenbe güni beren bildirişinde bu işiň görnüşlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ygtyýarlandyrýandygyny mälim etdi.

Bildirişde bellenilmegine görä, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar ygtyýarnama almak üçin agentligiň saýtynda görkezilen resminamalaryň sanawyny poçta arkaly ibermelidirler.

Resminamalar tabşyrylanda, poçta berilýän arzada mobil telefon belgiler görkezilmelidir. Ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly agentlik tarapyndan amala aşyrylýan her bir hereket müşderileriň telefonlaryna SMS habary bolup barýar. Şol telefon belgi bilen e.gov.tm saýtynda şahsy otaga birigip, müşderiler ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly ýa-da bermekden ýüz dönderilmeginiň sebäpleri barada giňişleýin maglumatlary alyp bilerler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky  Ulag we kommunikasiýalar agentligini geçen ýylyň iýul aýynda döredildi. “Türkmenhowaýollary” agentligi, “Türkmendemirýollary” agentligi, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, “Türkmenawtoulaglary” agentligi hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi täze döredilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagynda hereket edýärler.

2022