Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda gepleşikleri geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda gepleşikleri geçirer
Owganystanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Mawlawi Amir Han Muttaki ýolbaşçylyk eder. (Surat: Owganystanyň DIM-i)

Owganystanyň Hökümet wekiliýeti anna güni birnäçe meseleler boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana sapara ugrady.

Türkmenistanyň çakylygy boýunça Owganystanyň Daşary işler ministri Mawlawi Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet anna güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine ugrady diýip, Owganystanyň Daşary işler ministrligi öz twitter sahypasynda ýazdy.

Taraplar ikitaraplaýyn söwda, energiýa, nebit önümleri, demir ýol, bilim ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Geçen şenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanyň resmileri bilen birnäçe duşuşyklary geçiripdiler. Taraplar (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi ýaly esasy ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň depginini işjeňleşdirmek meselelerine üns berdiler.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.

2022