Ýanwar II hepde: eksport geleşikleri $104 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar II hepde: eksport geleşikleri $104 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler reňksiz aýna önümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 104 million 248 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Özbegistandan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan we Maltadan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna reňksiz aýna önümlerini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny, awtobenzini, tehniki kükürdi, dizel ýangyjyny we yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 26 million 707 müň 780 manatlyk plastik poddonlary, nebit bitumyny we halylary satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022