Hindistan-Merkezi Aziýa sammiti pandemiýa sebäpli onlaýn geçirilip bilner

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindistan-Merkezi Aziýa sammiti pandemiýa sebäpli onlaýn geçirilip bilner
Nýu-Deli, Hindistan

Hindistanyň Respublika gününiň öňüsyrasynda COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň artýanlygy sebäpli, ýurduň hökümeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderlerini dabaraly ýörişe esasy myhman hökmünde çagyrmak meýilnamasyny ýatyrmagy we Premýer-ministr Narendra Modiniň gatnaşmagynda olar bilen onlaýn sammit geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Hindistanyň “The Hindu” gazeti şenbe güni habar berdi.

Narendra Modiniň şenbe güni geçiren ýygnagynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlarda amala aşyrylmaly meýilnamalar we 26-njy ýanwarda Respublika güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäräni uly bolmadyk ýagdaýda geçirmek we oňa gatnaşyjylaryň sanyny azaltmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Respublika güni mynasybetli geçiriljek çäreleri gurnaýjy resmilere görä, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderlerine Hindistanda koronawirus bilen bagly çylşyrymly ýagdaý kadalaşmadyk halatynda sammiti sanly ulgam arkaly geçirmeklik teklip edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň – Kasym-Žomart Tokaýew, Sadyr Žaparow, Emomali Rahmon, Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew 25-nji ýanwarda Deli şäherinde geçiriljek Hindistan-Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmaklary meýilleşdirilýärdi.

Eger-de adatdan daşary ýagdaý boýunça teklip güýje girse, sammit meýilleşdirilen günde sanly ulgam arkaly geçiriler. 2020-nji ýylyň başyndan bäri global pandemiýa zerarly bu formatdaky sammit wideo konferensiýa görnüşinde geçirilip gelýärdi.

Respublika güni Hindistanyň milli baýramçylygy bolup, ol gün 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda güýje giren Hindistanyň Konstitusiýasynyň güni hem bellenilýär.

2022