Merkezi Aziýa-Hytaý söwdasy soňky 30 ýylda 100 esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa-Hytaý söwdasy soňky 30 ýylda 100 esse artdy
Horgos gury porty, Gazagystan (Surat: khorgosgateway.kz)

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky 30 ýylyň dowamynda 100 esse artdy. Bu barada Hytaýyň Söwda ministri Waň Wentao duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hytaý-Merkezi Aziýa Ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk forumynyň dowamynda aýtdy.

Onlaýn foruma Hytaýyň we daşary ýurt kärhanalarynyň, işewür birleşikleriniň, maliýe guramalarynyň, ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň hem-de Hytaýyň ýerli hökümet söwda pudagynyň 200-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Hytaýyň “China Daily” gazeti habar berdi.

Wang Wentao Hytaýyň Söwda ministrliginiň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysady we söwda guramalary bilen içgin işleşmäge  taýýardygyny aýtdy.

Hytaýyň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 14 milliard ABŞ dollaryndan geçdi diýip, Waň belledi.

Gazetiň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri Hytaý bilen olaryň döwletleriniň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň önjeýli netijelerine ýokary baha berdiler.

Çäräniň dowamynda alty ýurduň ykdysady we söwda guramalary Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň ýokary hilli durnukly ösüşi barada başlangyjyny yglan etdiler.

Şu ýyl Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileýini belleýär.

2022