Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.
Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlap, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Ol ýerde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Aşgabat-siti” gurulýan desgalaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Şamuhammet Durdylyýew Milli Liderimize ýaşaýyş toplumynyň baş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Ol “akylly” öýüň enjamlaryny dolandyrmak, dolandyrylyşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy hem-de “akylly” şäheriň dürli ulgamlary barada maglumat berýän şekilleri görkezdi.
Ş.Durdylyýew “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilendigini hem aýtdy.
Soňra bu ýerde Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Paýtagtymyzdaky täze şähere öwrüljek “Aşgabat-sitiniň” Baş meýilnamasynyň şekil taslamasyna laýyklykda, 200-den gowrak binany öz içine alýan bu ägirt uly toplumda 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz täze şäher üçin saýlanyp alnan ýerde jikme-jik inženerçilik-gözleg işlerini geçirmek we durnuksyz topraklary berkitmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işlerde iň soňky “smart”, ýagny “akylly” tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de her binadyr desgany sanly ulgamyň enjamlary bilen üpjün etmegiň, sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy.